| Ashgabat | 25°C
Dünýaden 13.10.2026, 12:53 4

Aldabra atolynda äpet pyşbagalaryň sany täze rekord derejä ýetdi

Aldabra atolynda äpet pyşbagalaryň sany täze rekord derejä ýetdi

Seýşel adalarynyň düzümine girýän ilatsyz Aldabra atolynda ýaşaýan äpet pyşbagalaryň sanynyň 180 müň töweregidigi belli boldy. Bu görkeziji 1990-njy ýyllaryň ahyrynda geçirilen barlaglaryň netijelerinden ep-esli ýokarydyr — şol döwürde adada takmynan 100 müň pyşbaganyň ýaşaýandygy çak edilýärdi.

XIX asyrda ýewropaly deňizçileriň köpçülikleýin awlamagy sebäpli bu sebitdäki pyşbagalaryň sany düýpli azalyp, ýok bolup gitmek howpy astynda galypdy. Şol döwürde bütin ada boýunça olaryň sany müňden hem az bolupdy.

Bäş ýylyň dowamynda geçirilen ylmy gözegçilik Seýşel adalarynyň gaznasynyň hem-de Beýik Britaniýanyň Ekseter uniwersitetiniň biologlary tarapyndan bilelikde alnyp baryldy.

Hünärmenleriň düşündirişine görä, pyşbagalaryň sanynyň beýle ýokary çykmagy olaryň gysga wagtyň içinde çalt köpelmegi bilen däl-de, adanyň gür ösümlikli ýerlerinde olary sanamagyň çylşyrymlylygy we has takyk sanaw usullarynyň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!