194 ýaşan pyşbaga
Jonatan atly äpet pyşbaganyň uzak ýaşamagynyň syryny öwrenýän alymlar garrylyga garşy göreşde möhüm biologik mehanizmleri ýüze çykardylar.
«Kallel» guramasynyň hünärmenleri Jonatanyň epigenetiki aýratynlyklaryny ýaş pyşbagalaryňky bilen deňeşdirip, DNT-niň dikeldilmegini, gaýnaglama prosesleriniň kadalaşdyrylmagyny, insuliniň çalşylmagyny hem-de rak keselinden goragy üpjün edýän 287 sany geni ýüze çykardylar.
Barlagda aýratyn hem genleriň işjeňligini sazlaýan epigenetiki mehanizmlere, ýagny özboluşly «açarlara» uly üns berildi. Köp haýwanlarda ýaş ulaldygyça garrylyk bilen bagly üýtgeşmeler ýüze çykýan bolsa, Jonatanda bu mehanizmleriň durnuklylygyny saklaýandygy mälim boldy.
Alymlar tebigatdaky bu seýrek mehanizmleri öwrenmegiň ýaş bilen bagly keselleriň öňüni almaga täze mümkinçilikleri açyp biljekdigine ynanýarlar. Şeýle-de bolsa, hünärmenler pyşbagada tapylan bu aýratynlyklaryň derrew adamlarda ulanylyp bilinjekdigini aňlatmaýandygyny hem duýdurýarlar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!