| Ashgabat | 25°C
Dünýaden 20.10.2026, 12:51 3

Cheetos çipsileriň täze görnüşini hödürledi

Cheetos çipsileriň täze görnüşini hödürledi

Amerikada Hellowin baýramçylygyna bagyşlanyp, «Cheetos» brendi tarapyndan «The Flavor of Fear: Sweet Phantom Heat» diýlip atlandyrylan sany çäkli täze çipsler önümçilige goýberildi.

Bu täsin önüm «Paranormal hadysalar» hem-de «Astral» ýaly belli gorkuly filmleri döreden «Blumhouse» kino kompaniýasy bilen bilelikdäki taslamanyň netijesidir.

Önüm öndürijileriň bellemegine görä, çipsler süýji we ajy tagamy özünde jemleýär.

Şol bir wagtyň özünde, «Pringles» markasy hem baýram mynasybetli özboluşly bäsleşik yglan etdi. Olar ýeňijä 200 ýyllyk çips ätiýaçlygyny — ýagny hakyky ömürlik paýy berýärler.

Bu uly baýraga eýe bolmak üçin gatnaşyjylar aradan çykandan soňky külüni brende miras galdyrmaga razylyk bermeli.

Kompaniýa ol küli tutuşlygyna «Pringles» çipsleriniň belli gaby görnüşinde taýýarlanjak ýörite demir gapda saklamagy meýilleşdirýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!