| Ashgabat | 16°C
Jemgyýet 22.10.2026, 15:01 5

Aşgabat 4 sany daşary döwlete gatnawlarynyň sanyny köpelder

Aşgabat 4 sany daşary döwlete gatnawlarynyň sanyny köpelder

2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan başlap, Aşgabadyň Halkara howa menzilinden birnäçe daşary ýurt şäherlerine amala aşyrylýan yzygiderli uçuşlaryň ýygylygy köpeldiler.

Täzelenen tertibe laýyklykda, Seul, Milan, Kazan we Stambul ugurlary boýunça gatnawlaryň sany artar.

Uçuşlaryň täze tertibi aşakdakylardan ybarat:

Aşgabat — Seul: uçuşlar indi hepdede 1 gezek däl-de, 2 gezek amala aşyrylar.

Aşgabat — Milan: hepdelik gatnawlaryň sany 2-den 3-e ýetiriler.

Aşgabat — Kazan: gatnawlar indi hepdede 4 gezek däl-de, 6 gezek amala aşyrylar.

Aşgabat — Stambul: hepdelik uçuşlaryň sany 12-den 13-e köpeldiler.

Aşgabada gaýdýan uçar gatnawlarynyň sany hem edil ugur boýunça bolşy ýaly artdyrylar.

Gatnawlaryň sanynyň artdyrylmagy daşary ýurtlara syýahat etmek isleýän ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak hem-de Türkmenistanyň halkara ulag-tranzit mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!