| Ashgabat | 26°C
Sport 09.10.2026, 11:47 4

Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony Kaýl Deýk bilen göreşer

Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony Kaýl Deýk bilen göreşer

Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Alp Arslan Begenjow 14-nji noýabrda Abu-Dabidäki (BAE) «Etihad Arena» meýdançasynda geçiriljek «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eder.

Onuň garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolar. 35 ýaşly Deýk NCAA-iň dört gezek çempiony, dünýäniň dört gezek çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç baýragynyň eýesidir.

Ol RAF-da birinji agyr agram derejesinde (Cruiserweight) çykyş edýär we häzir bu diwizionyň çempiony. Türgeniň RAF ligasyndaky professional rekordy 6-0.

Alp Arslan bilen tutluşyk onuň üçin çempionlyk titulynyň nobatdaky goragy bolar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!