Alfa Romeo şar gara 33 Stradale Perla Nera superkaryny görkezdi
Alfa Romeo kompaniýasynyň Bottegafuoriserie bölümi ady agzalmaýan kolleksiýaçynyň sargydy boýunça 33 Stradale superkarynyň ýörite görnüşini taýýarlady.
Awtoulag dolulygyna şar gara reňkde bolup, italýan dilinden terjime edilende «gara merjen» diýmegi aňladýan Perla Nera adyna eýe boldy.
Bottegafuoriserie bölüminiň ýolbaşçysy Kriştianu Fiorio awtoulagyň tas ähli bölekleriniň eýesi bilen bilelikde işlenip düzülendigini aýtdy. Onuň sargydy boýunça sport kürsüleriniň görnüşi hem üýtgedildi.
Şeýle hem awtoulagyň ýany bilen şol bir äheňde taýýarlanan alkantaradan tikilen goş torbalarynyň toplumy berilýär.
Bu awtoulag 33 sany 33 Stradale-den ybarat tapgyryň üçünji nusgasydyr. Modeliň ähli nusgalary üç ýyldan gowrak wagt öň, resmi tanyşdyrylyşdan hem ozal satylyp gutaryldy.
Her awtoulagyň bahasy, takmynan, 2 million ýewro bolupdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!