Al Paçino kinematografiýadaky uly goşandy üçin SAG-AFTRA-nyň iň ýokary baýragyna mynasyp görüldi
Golliwudyň ussat aktýory Al Paçino kinematografiýa hem-de aktýorlyk sungatyna goşan uly goşandy üçin ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň (SAG-AFTRA) «Life Achievement Award» diýen hormatly baýragy bilen sylaglanar.
Dünýä belli «Deadline» neşiriniň habar bermegine görä, baýrak 2027-nji ýylyň 28-nji fewralynda Los-Anjeles şäherinde geçiriljek 33-nji «Actor Awards» gowşurylyş dabarasynda gowşurylar.
Ussat aktýor karýerasynyň dowamynda 9 gezek «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezildi. Ol bu baýragy 1992-nji ýylda «Zenanyň ysy» («Scent of a Woman») filminde ýerine ýetiren baş keşbi üçin gazandy.
Mundan başga-da, Al Paçino baý karýerasynyň dowamynda 5 gezek «Altyn globus», 2 gezek «Emmi» we 2 gezek «Toni» baýraklarynyň eýesi boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!