«Ahal» «Al-Ansary» ýeňse-de, çärýek finala çykyp bilmedi
Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýnunda Liwanyň «Al-Ansar» klubyny 2:1 hasabynda utmagy başardy. Şeýle bolsa-da, ildeşlerimiz bu üstünlige garamazdan ýaryşyň çärýek finalyna çykmak mümkinçiligini elden gidirdiler.
Oýun Butanyň paýtagty Thimphu şäherinde ýerleşýän «Çanglimithang» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň ilkinji goluny birinji ýarymyň ahyrynda — 45-nji minutda penaltiden Begenç Mämiýew geçirdi.
Şeýle-de bolsa, liwanly futbolçylar 63-nji minutda Majed Osmanyň takyk urgusy bilen hasaby deňlemegi başardylar. Oýnuň 77-nji minutynda bolsa «Ahalyň» guran täsirli hüjümini Suleýman Mirzoýewiň pasyndan soň Ýakupmuhammet Gowşudow gol bilen jemläp, toparyna ýeňşi getirdi.
Aýgytly duşuşykdaky bu şowsuzlyk «Al-Ansar» üçin toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji ýeňliş boldy.
Toparçanyň beýleki oýnunda Siriýanyň «Al-Ittihad» kluby ýerli «Paro» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Ýatlap geçsek, «Ahal» ýaryşyň ilkinji duşuşygynda «Paro» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnapdy, emma 1:5 hasabynda «Al-Ittihaddan» utulmagy türkmen klubynyň indiki tapgyra geçmegine esasy bökdençlik döretdi.
Üç tapgyryň netijeleri boýunça:
-
«Al-Ansar» hem-de «Al-Ittihad» 6 utukdan toplap, degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler.
-
«Ahal» 4 utuk bilen 3-nji orunda galdy.
-
«Paro» bolsa 1 utuk bilen toparçanyň ahyrynda ýerleşdi.
Şeýlelikde, «Ahal» toparçada üçünji orny eýeläp, kontinental ýaryş bilen hoşlaşmaly boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!