Adidas meşhur şokolady futbol butysyna öwürdi
Snickers we Adidas brendleri ilkinji gezek hyzmatdaşlyk edip, meşhur şokolad batonjygyndan ylham alnyp döredilen, çäkli mukdarda öndüriljek Adizero futbol butsylaryny hödürledi.
Täze model professional futbolçylar üçin niýetlenen ýeňil Adidas Adizero Electric II butsylarynyň esasynda döredildi.
Aýakgabyň ýokarky bölegi şokolada meňzeş goňur mahmaldan, Adidas-yň üç sany meşhur zolagy bolsa noguly ýatladýan goýy sarymtyl reňkde ýerine ýetirilipdir.
Butsylaryň dabanynda Snickers brendiniň dizaýnyna görä taýýarlanan ADIZERO ýazgysy ýerleşdirilipdir. Bagjygynyň üstünde «S» harpy görnüşindäki bezeg metal bölegi, ökjede bolsa «Go Nuts» ýazgysy bar.
Aýakgabyň içindäki neon ýaşyl reňkli petek bolsa Snickers-iň çäkli öndürilen Ghoulish Green tapgyry bilen baglanyşyklydyr.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!