Dünýä kinosynyň iň girdejili 5 filmi
Kino sungaty diňe bir tomaşaçylary haýrana galdyrmak bilen çäklenmän, eýsem uly maliýe üstünliklerine hem ýetýär. «Box Office Mojo» platformasynyň iň soňky görkezijilerine görä, kino taryhynda iň uly kassa ýygymyny toplan filmleriň sanawynda ilkinji orunlary aşakdaky eserler eýeleýär:
-
«Awatar» — 2,92 milliard dollara golaý girdeji bilen sanawyň başyny çekýär.
-
«Öç alyjylar: Final» — takmynan 2,80 milliard dollar bilen ikinji ýerde durýar.
-
«Möý adam: Täze gün» — 2,4 milliard dollardan gowrak kassa ýygymy bilen ilkinji üçlüge girdi.
-
«Awatar: Suwuň ýoly» — 2,33 milliard dollara ýakyn girdeji bilen dördünji orny eýeleýär.
-
«Ne Ža 2» — 2,27 milliard dollarlyk üstünlik bilen Hytaý animasiýasynyň güýjüni bütin dünýä görkezdi.
Soňky döwürde kinoprokatda uly özgerişlikler bolup geçdi. Aýratyn hem, 2026-njy ýylda ekrana çykan «Möý adam: Täze gün» filmi gysga wagtyň içinde 2,4 milliard dollarlyk çägi geçip, öň dördünji hem-de bäşinji orunlarda duran «Ne Ža 2» we «Titanik» (2,26 mlrd $) ýaly meşhur filmlerden öňe geçmegi başardy.
Sanawyň birinji ornuny entek hem režissýor Jeýms Kemeronyň «Awatar» filmi saklap gelýär. Emma kino pudagyndaky ýokary bäsleşigi göz öňünde tutsak, öňümizdäki döwürde bu rekordlaryň hem täzelenmegine garaşylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!