| Ashgabat | 28°C
Gyzykly maglumat 26.09.2026, 18:10 1

Kişmiş suwunyň täsiri barada bilýärdiňizmi?!

Kişmiş suwunyň täsiri barada bilýärdiňizmi?!

Tebigy ýol bilen kölegede ýa-da Günüň ýiti bolmadyk şöhlesinde guradylan üzüm kişmişiniň dermanlyk häsiýetleri diýseň köpdür.

Kişmişiň peýdaly häsiýetleri irki wagtlardan bäri belli bolup, ol halk lukmançylygynda ýörgünli önüm hasaplanypdyr. Kişmişiň dürli görnüşleri bolup, olar reňkine, ululygyna we çigidiniň bardygyna ýa-da ýokdugyna baglylykda tapawutlanýar.

Reňki boýunça kişmiş gara, sary, açyk sary hem gyzyl bolýar. Bulardan başga-da, kişmiş dürli tagamlary, çörek önümleri, dürli süýjülikler taýýarlananda giňden ulanylýar. Çigitsiz kişmiş has-da köp peýdalanylýar.

Emma kişmişiň diňe bir özüniň däl-de, onuň suwunyň hem saglyga peýdalydygy köplere mälim däl bolsa gerek.

Geçirilen barlaglar kişmişi suwda gaýnadyp, aç ýagdaýda içmegiň örän köp peýdaly taraplarynyň bardygyny subut edýär. Kişmiş suwy bagryň işini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!