| Ashgabat | 29°C
Gyzykly maglumat 25.09.2026, 19:11 2

Gaýçy ýiteltmegiň 3 aňsat usulyny bilýärdiňizmi?

Gaýçy ýiteltmegiň 3 aňsat usulyny bilýärdiňizmi?

Ähli kesiji gurallar, şol sanda gaýçy hem iru-giç kütelýär. «Westi Moskowskogo Regiona» kanalynda habar berlişi ýaly, ýitileýän daşa mätäçlik bolmazdan, öýde onuň öňki ýitiligini dikeltmäge mümkinçilik bar.

Adaty metal gap-gaç ýuwýan esgini (gubkany) ulanmak kömek edip biler. Ony gaýçy bilen birnäçe minutlap kesiň. Bu usul gaýçyny ýiteltmäge kömek edýär.

Folga hem peýdaly bolup biler. Ony birnäçe gezek gatlaň we gaýçy bilen gaýtadan kesmäge başlaň.

Şeýle hem adaty iňňäni ulanyp bilersiňiz. Ony gaýçynyň pyçaklarynyň arasyna goýup, iňňäni onuň gyralary boýunça ýuwaşlyk bilen hereketlendiriň.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!