| Ashgabat | 30°C
Sport 07.09.2026, 17:45 1

Ildeşimiz Ýunus Maşaripow «Ýaryşyň iň gowy boksçysy» diýen abraýly ada mynasyp boldy

Ildeşimiz Ýunus Maşaripow «Ýaryşyň iň gowy boksçysy» diýen abraýly ada mynasyp boldy

Türkmenistanyň boks boýunça ýaşlar we ýetginjekler ýygyndy toparynyň agzalary Ispaniýada geçirilen «Boxam International Tournament 2026» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, jemi 10 medal has takygy 3 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medallara eýe boldular.

Ýaryşyň dowamynda ildeşimiz Ýunus Maşaripow 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda «Ýaryşyň iň gowy boksçysy» diýen abraýly ada mynasyp hasaplanyldy. Ýeri gelende bellesek, ýaryşa dünýäniň 21 döwletinden 246 türgen gatnaşdy.

Biz hem ildeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!