| Ashgabat | 29°C
Dünýaden 10.09.2026, 15:03 3

Xiaomi uly Skynomad N70 gibridine eýe bolan krossowerini çykardy

Xiaomi uly Skynomad N70 gibridine eýe bolan krossowerini çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda EREV görnüşli yzygiderli gibrid güýç ulgamyna eýe bolan iri Skynomad N70 krossoweriniň satuwyna başlady. Bäş orunlyk bu awtoulagynyň uzynlygy 4960 mm, ini 1998 mm, beýikligi 1765 mm, tigir aralygy bolsa 2950 mm.Ulagyň öňki oturgyçlary 180 derejä aýlanýar. Olar 16 nokatly massaž ulgamy we iň ýokary derejede rahatlanmaga mümkinçilik berýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Şol sebäpli awtoulaga eýýäm «myhman otagy» diýlip hem atlandyrýanlaram bar.

N70-iň esasy aýratynlygy EREV görnüşli güýç ulgamydyr. Göwrümi 1,5 litr, kuwwaty 150 at güýjüne deň bolan benzin hereketlendirijisi generator hökmünde işleýär we çekiji batareýa zarýad berýär. Awtoulag 92, 95 we 98 oktanly benzinde işlemäge niýetlenendir.

Model iki görnüşde hödürlenýär:

N70 Pro — yzky ýöredijili. Kuwwaty 282 at güýji, batareýasynyň sygymy 52 kWt/sag. Ýöreýiş ätiýaçlygy: 351 km (etektrik), umumylykda 1351 km.

N70 Max — doly ýöredijili. Kuwwaty 416 at güýji, batareýasynyň sygymy 76 kWt/sag. Ýöreýiş ätiýaçlygy: 505 km (elektrik), umumylykda 1461 km.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!