Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2027-nji ýylda açylar
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylda bolar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belledi.
«Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Biz bu toýa häzirden gowy taýýarlyk görmelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döredip, anyk meýilnamalar esasynda yzygiderli işleri alyp barmalydyrys» diýip, Gahryman Arkadag belledi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!