Sowadyjylaryň önümçiligi türkmen kärhanasynda ýola goýuldy
Türkmenistanyň Mary welaýatynda «LORS» haryt nyşany bilen sowadyjy enjamlaryň ilkinji köpçülikleýin önümçiligi ýola goýuldy.
Kärhana Mary etrabynda ýerleşip, Hytaýdan getirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Häzirki wagtda bu ýerde öýler we söwda nokatlary üçin niýetlenen sowadyjylaryň 7 görnüşi öndürilýär. Geljekde ofisler we kärhanalar üçin sowadyjylary öndürmek, şeýle hem önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda kärhananyň aýlyk önümçilik kuwwaty 600 sowadyja barabardyr. Ýakyn geljekde bu görkezijini 1500 we ondan hem köp birlige ýetirmek meýilleşdirilýär. Lomaý satyn alyşlar üçin 3 ýyl möhlet bilen kepillik berilýär. Şeýle hem sowadyjylaryň düzüm bölekleriniň ep-esli bölegi gönüden-göni kärhananyň özünde öndürilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!