Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň binalar toplumy açyldy
Şu gün Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň binalar toplumy açylyp ulanmaga berildi. Has takygy, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
Döwrebap amatlyklar bilen üpjün edilen täze binalar toplumy geljekde ýokara derejeli hünärmenleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!