| Ashgabat | 30°C
Sport 25.09.2026, 16:03 4

ABŞ-da iň uzyn guýrukly at ýaşaýar

ABŞ-da iň uzyn guýrukly at ýaşaýar

ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda ýaşaýan Jenni atly at resmi taýdan dünýäde iň uzyn guýrukly bedew hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Onuň guýrugynyň uzynlygy 412,62 santimetre ýetýär. Makkenzi Lou bilen Reýçel Estesiň eýeçiligindäki bu at Spring-Welli şäheriniň atçylyk mekdebinde ýaşaýar.

Eýeleri onuň guýrugyny ýedi ýyllap yhlas bilen ösdüripdirler.

Netijede, täze rekord 2007-nji ýylda JJS Summer Breeze atly baýtalyň goýan öňki rekordyndan, takmynan, 32 santimetr uzyn boldy. Şol baýtalyň guýrugynyň uzynlygy 381 santimetre ýetýärdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!