Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde açyk sapak geçirildi
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan açyk sapak geçirildi.
Çäräniň esasy maksady Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny we ýetip gelýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini giňden wagyz etmekden hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy.
Çäre tamamlanandan soňra myhmanlar, mekdebiň muzeýine baryp gördüler we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!