| Ashgabat | 31°C
Bilim 02.09.2026, 14:59 6

Türkmenistanyň welaýatlarynda täze bilim ojaklary açyldy

Türkmenistanyň welaýatlarynda täze bilim ojaklary açyldy

Türkmenistanyň welaýatlarynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berildi.

« Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginiň çäginde 960 orunlyk mekdebiň döwrebap täze binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegi etrabyň ähli ýaşaýjylaryny buýsandyrdy.

Iki gatdan ybarat bolan mekdebiň binasyny Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde iki gatly 320 orunlyk çagalar bagynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherinde bina edilen çagalary bagy, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Garagamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda iki gatly 600 orunlyk mekdebiň, şeýle hem Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda iki gatly 400 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp, ulanylmaga berilmegi özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!