Ýurdumyzyň Rumyniýadaky Ilçihanasynda çäre geçirildi
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak nobatdaky mejlisine we 2028-nji ýylyň Halkara hukugynyň ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi.
Oňa Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary we ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ösüşiniň jemlerini jemlemekde hem-de içeri we daşary syýasatyň täze ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde ähmiýeti bellenildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!