«Arçabil» myhmanhanasynda Hazar deňzi boýunça okuw maslahaty geçirilýär
«Arçabil» myhmanhanasynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatynyň çäklerinde halkara deňiz hukugy, şeýle hem Hazar deňziniň ekologik meselelerine aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýylyň «Halkara hukugynyň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenilýär. Halkara okuw maslahaty 18-nji sentýabra çenli dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!