Lebapda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler
1-nji we 15-nji oktýabrda welaýat adalat bölüminiň we adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň hem-de adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.
Bu kabul edişlik Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň edara binasynda sagat 17:30-dan 19:00-a çenli aralykda geçiriler.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
+993 (422) 3-20-54
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!