| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 26.09.2026, 17:48 3

Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

Arkadag şäherinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli häzirki zaman amatlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Munuň özi dörän «akylly» şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý edinen bagtyýar ýaşaýjylar üçin baş baýramymyzyň öňüsyrasynda ajaýyp toý sowgady boldy.

Jaýlaryň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman çözgütleri ulanyldy. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan we türkmen halkynyň milli ýörelgelerine kybap gelýän derejede enjamlaşdyrylan aşhanalaryň, çagalara niýetlenilen we beýleki otaglaryň mümkinçilikleri häzirki döwrüň talaplaryna doly gabat gelýär.

Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Onuň otaglary häzirki zaman durmuş ulgamlary hem-de zerur serişdeler bilen üpjün edildi.

IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi. Öýleriň giň eýwany, uly myhman otagy, ýatylýan otaglar göwnejaý enjamlaşdyryldy. Aşhanada durmuş tehnikasy, ykjam mebeller oturdyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!