| Ashgabat | 33°C
Jemgyýet 05.09.2026, 15:07 4

Daşoguz welaýatynda we Ýolöten etrabynda migrasiýa gullugynyň döwrebap edara binalary gurlar

Daşoguz welaýatynda we Ýolöten etrabynda migrasiýa gullugynyň döwrebap edara binalary gurlar

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna ýurtda migrasiýa hyzmatlaryny sanly ulgam esasynda döwrebaplaşdyrmak, düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!