«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!