Alymlar ýarganatyň ilkinji watanyny anykladylar
Alymlar ýarganatyň, takmynan, 65 million ýyl ozal Ýewropada dörändigini, soňra bolsa ol ýerden dünýäniň beýleki sebitlerine ýaýrandygyny anyklady.
Gözlegçiler bu netijä häzirki wagta çenli ýarganatlar topary boýunça geçirilen iň uly genom barlagynyň netijesinde geldi. Gözlegde häzirki döwürde ýaşaýan 103 görnüş baradaky maglumatlar bilen birlikde, 44 sany gazylyp tapylan nusganyň maglumatlary hem seljerildi.
Onlarça ýyllaryň dowamynda ýarganatyň gelip çykyşynyň Aziýa, Afrika ýa-da Amerika bilen baglanyşyklydygy çak edilýärdi.
Ýöne Ispaniýanyň Milli tebigat ylymlary muzeýiniň we Granada uniwersitetiniň alymlarynyň halkara Bat1K taslamasynyň çäginde geçiren täze gözlegleri bu jandarlaryň ewolýusion ösüşiniň Ýewropada başlanandygyny görkezýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!