«C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Merkezi Aziýa döwletlerini we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Onuň dowamynda «C5+1» formatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň amaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňde boljak duşuşyklara we çärelere taýýarlyk görmek, şeýle hem degişli guramaçylyk meselelerini ylalaşmak boýunça aýratyn pikir alşyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!