Ýewropa Bileleşiginiň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Lýuk Pýer Dewin bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Taraplar yzygiderli gepleşikleri we konstruktiw hyzmatdaşlygy goldamagyň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Şeýle-de amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanma aýratyn bellenildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!