Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde geçiren okuw sapagyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynyň mazmunyna hem-de ähmiýetine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň mugallymçylyk ussatlygyna aýratyn ünsi çekdiler. «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» romanlarynda beýan edilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew esger, ilhalar ynsan, watançy hem-de ýaşlara bilim we terbiýe bermekde nusgalyk ýol goýan tejribeli mugallym bolupdyr.
Bu asylly peder ýoluny dowam edip hem-de ösdürip, Gahryman Arkadagymyz bilim işgärleri we tutuş mugallymlar köpçüligi üçin nusgalyk mekdebini döretdi.
Maslahata gatnaşan syýasatşynaslaryň, mugallymlaryň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň çykyşlarynda geçirilen sapagyň çuňňur ylmy garaýyşlara baýdygy, halkymyzyň watansöýüjilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, mukaddes Garaşsyzlygymyza hem-de türkmen halkynyň şöhratly taryhyna ýugrulandygy nygtaldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!