| Ashgabat | 29°C
Jemgyýet 25.09.2026, 13:03 6

Döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurtda geçirilýän çäreleriň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Dabara gatnaşyjylar özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyklaryny bildirip, mundan beýläk-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň bähbidine öz wezipe borçlaryny ak ýürekden we jogapkärçilikli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!