Saud Arabystanynyň CEER markasy özüniň flagman EXOBOT elektrik awtoulagyny birbada iki nusgada tanyşdyrdy
Özüni ýurduň ilkinji elektrik awtoulag öndürijisi hökmünde tanadýan bu marka üçin täze modelleriň tanyşdyrylmagy diňe bir bazara täze önümi çykarmak bilen çäklenmän, eýsem ýerli howa şertlerini we medeni aýratynlyklary göz öňünde tutup, premial awtoulagy döretmek synanyşygydyr.
Sedanyň uzynlygy 5260 mm, ini 2102 mm, beýikligi bolsa 1428 mm.
Awtoulagyň dizaýny pahnapisint bolup, onuň inçe LED çyralary hem-de öň tarapynda 23 dýuýmlyk, yzda bolsa 24 dýuýmlyk diskli uly tigirleri bar.
Aýratyn üns berlen çözgütleriň biri gapylaryň aşaky bölegindäki panelleriň durulygyny sazlap bolýanlygydyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!