| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 28.09.2026, 15:12 4

Türkmenistanyň Prezidenti gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ösüşleriniň, üstünlikleriniň hem-de abadançylygynyň nyşanyna öwrülen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we eneler, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy.

Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!