| Ashgabat | 26°C
Syýasat 30.09.2026, 15:21 2

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ata Watany Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize şanly sene mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle hem işewür ata Watany Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda okgunly ösýändigini belledi.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!