Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti mugallymlary, bilim işgärlerini, talyplary we okuwçylary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynda: «Asylly däbimizden ugur alyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji okuw ýylyna ajaýyp sowgat hökmünde Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň täze binalary, şeýle-de welaýatlarymyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylar, ylmy-amaly maslahatlar, bedenterbiýe-sport, medeni çäreler geçiriler.
Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat gowşurylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň göwün galkyndyryjy bu wakalary eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe, beýik geljegine bolan milli buýsanjymyzy has-da artdyrýar» diýip belledi.
«Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir. Şoňa görä-de, ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki okgunly ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň jana-jan wezipesi bolup durýar.
Siz täze okuw ýylynda hünär derejeleriňizi yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň ähli ugurlaryna ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmalysyňyz. Döwrebap, täze okuw kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalary taýýarlap, bilimiň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmalysyňyz» diýip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda nygtalýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň Prezidenti mugallymlary, bilim işgärlerini, talyplary we okuwçylary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde hem-de okuwynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!