| Ashgabat | 26°C
Syýasat 09.09.2026, 12:30 6

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!