Ermenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni mynasybetli gutlady
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
«Ermenistan Türkmenistan bilen köpasyrlyk dostluga, birek-birege hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin» diýlip, Ermenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!