Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaýa iş saparyny amala aşyrdylar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Lýanýuhan şäherine iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň maksady «Migrasiýa gözegçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kiçi foruma» gatnaşmakdan ybarat boldy.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary Hytaý Halk Respublikasynyň Migrasiýa işleri boýunça müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirip, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!