Türkmenistanyň wekili Hytaýda geçirilen içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Pekin şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda içeri işler we jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Bu duşuşyk oňa gatnaşýan taraplara terrorçylyga we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna we kiberjenaýatçylyga garşy netijeli göreşmekde döwletleriň arasynda operatiw maglumat çalşygyny we utgaşdyrylan hereketleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.
Gepleşiklerde degişli meseleler boýunça tejribe alyşmak, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek we döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!