Türkmenistanyň wekili BMG-niň demografik durnuklylyk boýunça ýokary derejeli çäresine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekili demografik durnuklylyk meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli ugurdaş çärä gatnaşdy.
Türkmen tarapy ygtybarly demografik maglumatlaryň, endikleri kämilleşdirmegiň, öndürijilikli iş bilen üpjünçiligiň hem-de ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmegiň özara berk baglanyşygyny nygtady.
Şeýle hem türkmen tarapy ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, adam ösüşini, gender deňligini we ýaş nesliň abadançylygyny ilerletmek boýunça BMG-niň Ilat Gaznasy (ÝUNFPA) bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!