Özüni «dünýäniň ilkinji sanly döwleti» diýip atlandyrýan Praxis Urugwaýda «kriptoşäher» gurmak isleýär
Özüni «dünýäniň ilkinji sanly döwleti» diýip atlandyrýan Praxis internet jemgyýeti Günorta Amerikada öz şäherini gurmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.
+Colonia diýlip atlandyrylýan taslama Urugwaýdaky Koloniýa-del-Sakramento portunyň ýanynda ýerleşer.
Praxis şäheriň gurluşygyna geljek üç ýylyň dowamynda, takmynan, 1 milliard dollar maýa çekmegi meýilleşdirýär.
Praxis-i 2019-njy ýylda Nýu-Ýork uniwersitetindäki okuwyny taşlan we soňra hej-fondda analitik bolup işlän santa-barbaraly sýorfer Draýden Braun esaslandyrdy.
Kompaniýa täze jemgyýetçilik gurluşy baradaky pikiri öňe sürýän kripto maýadarlaryny we telekeçileri bir ýere jemleýär.
Braunyň pikiriçe, şeýle gurluş umumy emeli aňyň (AGI) peýda bolmagyndan soň mümkin bolup biler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!