BMG bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Onuň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy meselelerine garadylar hem-de bilelikdäki maksatnamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!