“Neopharma” farmasewtika kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow penşenbe güni “Neopharma LLC” farmasewtika kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar farmasewtika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda derman serişdelerini ibermek, hünär tejribesini alyşmak we tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem önümçilik mümkinçiliklerini ösdürmegiň geljegi bilen bagly meselelere garaldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň bellenen ugurlary boýunça, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!