Türgenlerimiz altyn medallary gazandylar
Türkmen türgenleri Annagurban Allaberdiýew we Nurmuhammet Baýdogdyýew Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynda altyn medal gazandylar. Oýnuň dowamynda türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň sany jemi 11-e ýetdi we olaryň ikisi altyn, üçüsi kümüş, galan altysy bolsa bürünç medallardyr.
Ýaryş 6-njy sentýabrda doly tamamlanar. Biz hem türgenlerimizi nobatdaky ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!