Dünýäde iň uly derýa leňňeji tapyldy
Illinoýs uniwersitetiniň Urbana-Şampeýn şäherindäki tebigy baýlyklar kafedrasynyň mugallymy Keýtlin Blumer bir gezek Kentukki ştatynda geçirilen ekspedisiýanyň dowamynda hapa palçykdan «Krouzilla» diýlip atlandyrylan äpet derýa leňňejini çykarypdyr.
Gözlegçi şonda dünýä rekordyna barabar iň uly nusgany tutandyryn öýdýär. Emma kärdeşi ondan hem has uly derýa leňňeçlerini görendigini aýdýar.
Netijede, dostlukly jedel Demirgazyk Amerikadaky iň uly derýa leňňeçlerini gözlemek pikiriniň döremegine sebäp bolýar.
«Äpetler ýaryşynyň» ýeňijisi çotga guýrukly derýa leňňeji boldy. Ol 2011-nji ýylda Tennessi ştatynda tutulyp, soňra Günbatar Wirjiniýadaky West Liberty uniwersitetiniň kolleksiýasynda saklanypdyr.
Onuň guýrugyny we iri gysgyçlaryny hasaba almazdan, kelle-gursak bölegini goraýan gapagynyň uzynlygy 86,6 millimetre ýetýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!