| Ashgabat | 31°C
Bilim 03.09.2026, 14:55 6

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan okuw sapagyny geçdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan okuw sapagyny geçdi

2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle hem täze okuw ýylyna bagyşlanan okuw sapagyny geçdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary, talyplar we okuwçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, «Ruhyýet» köşgüniň öňünde ýygnananlar bilen söhbetdeş bolup, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp, ulanmaga berilmeginiň ähmiýetini belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle hem täze okuw ýylyna bagyşlanan okuw sapagyny geçdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!