| Ashgabat | 29°C
Syýasat 06.09.2026, 13:11 2

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen ugrady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen ugrady

5-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, behişdi bedewleriň arasynda ilkinji gezek gözellik, dressaž, konkur görnüşleri boýunça geçirilýän bu dünýä çempionatynyň netijelerini jemlemek üçin Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrýar.

Çäreleriň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň açyk mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!