Mourinýu Reala «barmak» üçin Portugaliýanyň ýygyndysyndan ýüz öwrüpdir
Roberto Martines Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadylanyndan soň topara Žoze Mourinýunyň ýolbaşçy bellenmegi mümkin eken. Emma ol Madridiň «Realyna» dolanyp barmak kararyna gelipdir. Bu barada AS neşiri ýazýar.
Žurnalistleriň maglumatyna görä, Portugaliýanyň Futbol federasiýasy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň başlanmagyna birnäçe hepde galanda Mourinýu bilen gepleşik geçiripdir.
Edil şol döwürde «Realyň» prezidenti Florentino Peres hem hünärmene Madrid toparyna täzeden ýolbaşçylyk etmek teklibi bilen çykypdyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!