Meledag – Niderlandlardaky ilkinji çempion boldy
Niderlandlar Patyşalygynyň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň arasyndaky halkara gözellik bäsleşigi geçirildi. Hünärmenler topary ahalteke bedewleriniň bir ýaşdan dört ýaşa çenli bolan iň gowylarynyň arasyndaky gözden geçirişiň ilkinji tapgyrlarynyň netijelerini jemledi.
Iki ýaşar bedewleriň arasyndaky bäsleşikde gözel syratly Meledag çempion diýen ada mynasyp boldy. Meledagyň bu uly ýeňşi ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da belende göterdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!