«Mançester Ýunaýted» rekord derejesinde girdeji aldy
«Mançester Ýunaýted» iňlis futbol kluby 2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň jemi boýunça 677,6 mln funt sterling ($896,3 mln) möçberinde rekord girdeji gazandy.
Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 11,1 mln funt sterling ($14,7 mln) ýa-da 1,7% köpdür. Klubuň öňki rekord görkezijisi 666,5 mln funt sterlinge ($881,4 mln) barabardy.
Ösüşiň esasy çeşmesi klubuň teleýaýlymlardan alan girdejileri boldy. Ol 19,6% ýokarlanyp, 172,9 mln funtdan ($228,7 mln) 206,8 mln funt sterlinge ($273,5 mln) ýetdi.
Klubda bu ösüş, esasan, toparyň Angliýanyň Premýer-ligasynda üçünji orny eýelemegi bilen baglanyşdyryldy: öňki möwsümde «Mançester Ýunaýted» çempionaty 15-nji ýerde tamamlapdy.
Toparyň ýewropa kuboklaryna gatnaşmazlygy bu ugurdaky ösüşi az-kem çäklendirdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!